

2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialogyň ýokary derejesini görkezýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler.
Taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde güýçli itergi berendigini aýratyn nygtadylar.
Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Astanada «Merkezi Aziýa-Germaniýa» dialogynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şolts bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň, şeýle-de german işewür toparlarynyň wekilleri bilen bolan gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.
Yzygiderli geçirilýän özara Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik forumlarynyň we ykdysady sergileriň möhümdigi bellenilip, alyp barýan işi döwletara hyzmatdaşlygyň amaly ugurlaryny giňeltmäge ýardam berýän Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň tutýan aýratyn orny nygtaldy.