icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

05 fewral 2026

113

Türkmen wekiliýeti Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy.

Foruma söwda, ykdysady, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümet işgärleri we işewür wekilleri ýygnandylar.

Çäräniň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň B5+1 formatynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Merkezi Aziýa sebitiniň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri bolan dinamiki taýdan ösýän bazar hökmünde uly mümkinçiliklerini bellediler. Şeýle hem ýurdumyzyň dowam edýän düzümleýin ykdysady özgertmelerine, işewürlik gurşawynyň gowulanmagyna, sanly ykdysadyýetiň, energiýanyň, ulag we logistika infrastrukturasynyň we beýleki möhüm pudaklaryň ösüşine aýratyn üns berildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri ABŞ-nyň işewürlik jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşlige gatnaşdylar. Ol ýerde Makroykdysady ösüş, ykdysady diwersifikasiýa, hususy pudagy goldamak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag we logistika geçelgelerini ösdürmek we ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak ugrundaky öňegidişlikleri barada pikir alyşmalar geçirildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti "SpaceX" kompaniýasynyň "Starlink" Global ygtyýarnama we bazar ösüşi boýunça direktory Rebekka Hanter bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýa we döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamlaryny ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we uzak möhletli, özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Türkmenistanyň foruma gatnaşmagy ýurduň açyk we özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we sebitiň durnukly ykdysady ösüşine gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi