

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekillerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady we halkara guramalarynyň wekillerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Ýokary döwlet sylaglaryna Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan mynasyp boldular.
Ministr dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anyk we maksatlaýyn diplomatik tagallalarynyň netijesinde halkara derejesinde giňden ykrar edilendigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, Türkmenistan dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny bütin dünýäde goldamakda we wagyz etmekde watandaşlarymyz bilen bir hatarda daşary ýurt raýatlarynyň hem uly goşandynyň we hyzmatlarynyň bardygy aýratyn bellenildi.