

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin esasy ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝB-niň institutlarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräni açyp çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Syýasy, ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn hem-de depginli häsiýete eýedigi bellenildi.
Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan syýasy dialogyň netijeleri, şol sanda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, Samarkant şäherinde geçirilen ilkinji «ÝB – Merkezi Aziýa» Sammiti, şeýle hem ýokary we iň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri giňişleýin beýan edildi. ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça Bilelikdäki Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň hem-de Global Gateway başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Taslama-maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Türkmenistanda daşky gurşaw, sanlylaşdyrma, ulag, kanunyň hökmürowanlygy hem-de hususy pudagy goldamak ugurlarynda ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän takmynan 30 ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamanyň işjeň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda parlamentara dialog, Adam hukuklary boýunça dialog, bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda DARYA başlangyjy hem-de «Horizon Europe» maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk, şeýle hem ulag baglanyşygy we Hazarüsti ugry ösdürmek ýaly ugurlar kesgitlenildi.
Şeýle hem 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen esasy çäreler, şol sanda parlamentara dialog, Adam hukuklary boýunça dialog, «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki komitetiniň mejlisi, «ÝB – Merkezi Aziýa» ministrler duşuşygy hem-de beýleki degişli çäreler bellenildi.
Brifingiň netijeleri boýunça ÝB-niň we Türkmenistanyň 2026-njy ýylda hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmäge hem-de onuň amaly mazmunyny giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.