icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

12 mart 2026

100

Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Jon Wilýam Giring bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy berkitmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa deglip geçildi. Şunda sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Pursatdan peýdalanyp, Ilçi Jon Wilýam Giring Eýrandan gelýän Awstraliýanyň raýatlarynyň üstaşyr geçmegine beren goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gönükdirilen konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi