icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

17 mart 2026

79

Türkmenistanyň DIM-de Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary, Ilçi Kaýrat Sarybaý bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy myhmany mähirli garşylap, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen CICA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň 2021-nji ýyldan bäri CICA-da synçy derejesine eýe bolmak bilen, guramanyň Aziýa giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen maksatlaryny we wezipelerini goldaýandygy nygtaldy.

Sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça hemişelik forumy döretmek baradaky başlangyçlara aýratyn üns berildi.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde CICA bilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň arasynda dialogy ösdürmek, energetika, ulag, ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak, onuň halkyna ynsanperwer we ykdysady kömek bermek hem-de azyk howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar CICA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi