icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

18 mart 2026

83

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy

2026-njy ýylyň 17-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz ýakynda geçirilen Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisinde Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlaryň kabul edilendigine ünsi çekip, olaryň Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyçlary bilen many-mazmun taýdan gabat gelýändigini belledi. Şeýle hem bu ählumumy başlangyçlar ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we milli medeni mirasymyzy dünýäde giňden ýaýmak boýunça tagallalary bilen utgaşýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrýan şu gezekki dostlukly sapary gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri uçary birnäçe sagatdan soňra, Pekiniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Şoudu» Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi