icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 dekabr 2017

642

Aşgabatda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi.

Mejlisiň başynda taraplar bilelikde geçirilen işleriň netijelerine garadylar we 2012-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde geçirlen birinji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi baradaky maglumaty diňlediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda uzak möhlete niýetlenen meseleleriň köp böleginiň ýerine ýetirilendigi bellenip geçildi we kabul edilen çözgütleriň beýleki bir bölegi boýunça işleri dowam etdirmek zerurlygy nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank-maliýe we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky meselelere uly üns berdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem taraplar tebigy gazy gaýtadan işlemek, gazdan taýýar önümi çykarmak we olary dünýä bazarlaryna ýetirmek babatynda hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar bilelikdäki komitetiň çäklerinde ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça işçi toparyny döretmek barada ylalaşdylar we toparyň birinji mejlisini Aşgabat şäherinde geçirmegi karar etdiler. Mundan başga-da iki ýurduň arasynda syýahatçylyk, gidrometeorologiýa, seýsmologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Taraplar komitetiň nobatdaky üçünji mejlisini 2018-nji ýylda Abu-Dabi şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler we hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçilikleri we geljekki özaragatnaşyklaryň meýilnamalary boýunça pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi