icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

02 sentýabr 2016

2320

Türkmenistan-Awstriýa: işewür hyzmatdaşlygyň ösüşi

2016-njy ýylyň 1-2-nji sentýabrynda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde türkmen-awstriýa bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisi geçirildi. Toparyň awstriýa böleginiň bilelikdäki başlyklyk edijisi Awstriýanyň ykdysadyýet, ylym we gözlegler boýunça Federal ministriniň daşary ykdysady syýasaty we Ýewropa integrasiýasy boýunça orunbasary hanym Bernadett Girlinger bolup durýar.

Toparyň mejlisiniň başynda taraplar 2015-nji ýylyň fewralynda Aşgabat şäherinde geçirilen toparyň ýedinji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Öň gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagy boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemlerine oňyn baha bermek bilen, toparyň agzalary söwda, energetika we ekologiýa, azyk senagaty, oba hojalygy we gurluşyk, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlarynda özara hereketleri işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-awstriýa bilelikdäki hökümetara toparynyň sekizinji mejlisiniň jemleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekidi. Şeýle hem, taraplar Toparyň dokuzynjy mejlisini 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçirmeklige ylalaşdylar.

Toraryň işiniň çäklerinde Awstriýanyň işewürler toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary we käbir guramalaryň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

  Mundan başga-da, wekiliýetiň saparynyň çäklerinde, Awstriýanyň Federal ykdysady edarasy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi tarapyndan gurnalan bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi.

  2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçirilen türkmen-awstriýa işewürler maslahatyna iki tarapdan 100-e golaý işewürler gatnaşdy. Maslahatyň resmi açylyş dabarasyna Awstriýanyň Milli Geňeşiniň (parlamentiniň) ikinji başlygy Karlhaýns Kopf gatnaşdy. Işewürler maslahatynyň işiniň jemleri boýunça türkmen we awstriýaly telekeçileriň arasynda ulag hyzmatlaryny ýola goýmak we azyk önümlerini öndürmek boýunça zawodlar üçin çig mal hem-de enjamlary satyn almak we getirmek hakyndaky şertnamalara gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi