icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»

07 noýabr 2016

3738

Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň 1-nji duşuşygy

2016-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň 1-nji duşuşygy öz işine başlady. Maslahata gatnaşmak meýli bilen Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň wekilýetleri geldiler.

Mejlisiň birinji gününiň dowamynda wekilýetleriň agzalary Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hukuk esasyny kämilleşdirmek boýunça öz döwletleriniň başlangyçlaryny beýan etdiler, Teswirnama boýunça bellikler we teklipler aýdyldy. Şeýle hem taraplar suw biologiki resurslarynyň goranylmagy, rasional ulanylmagy we olaryň bilelikdäki gorlarynyň dolandyrylmagy boýunça Komissiýasynyň kadalaryna degişli meseleleriň giň çygry boýunça pikir alyşdylar.

Ähli hazarýaka döwletleriniň tekliplerini nazara almak bilen, ýokarda agzalan taslamanyň düzgünleri boýunça umumybähbitli çözgütleri tapmaga meýillerini belläp, taraplar Hazarda brakonýerçiligi ýok etmek boýunça bilelikdäki çäreleriň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar.

Ertir Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň 1-nji duşuşygy öz işine dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi