icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 fewral 2018

1009

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen maslahat

2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi.

 Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işgärleriniň güni we maslahat mynasybetli Gutlag haty okaldy. Onda berkarar Watanymyzyň ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygyny barada beýan edildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» türkmen halkynyň ata-babalardan miras galan gymmatlygy bolan birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýol-ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de ýurdumyzyň şu günki günde alyp barýan hemişelik bitaraplyk syýasatynyň özenini düzýändigini bellediler. Şu maslahatyň gün tertibiniň 2018-nji ýylyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi bilen ýakyndan baglanyşykly bolmagynyň ýerliklidigini aýdyp, Türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri öz gözbaşyny ençeme asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy hem-de halkymyzyň baý mirasyna we milli däp-dessurlaryna esaslanýandygy bellenildi.

Maslahatyň çäklerinde aýratyn tapawutlanan ýaş diplomatlara we Halkara gatnaşyklar institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlarynyň gowşurylyş dabarasy, şeýle hem, institutyň foýesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň taýýrlan sergisi gurnaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edilip,  ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň meselelerine berýän aýratyn ünsi üçin çuňňur minnetadarlyk bildirdiler. Soňra Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi