icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 fewral 2018

954

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy metbugat maslahatyny geçirdi

2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda daşary syýasy işleriniň jemleri hem-de ýurtda 2018-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara syýsy çärelere bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wekilleri, ýurduň döwlet habarlar gulluklarynyň hem-de teleýaýlymlarynyň, şeýle hem milli elektron habar beriş serişdeleriniň assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyňdaşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa gecirmegiň çäginde geçen ýyl boýunça DIM-niň işiniň netijeleri, şeýle hem 2017-nji ýylda amala aşyrylan ikitaraplaýyn ýokary derejedäki saparlaryň netijeleri bilen we Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň jemleri bilen tanyş boldular.

Şeýle hem, Türkmenistanyň teklibi esasynda Aşgabatda noýabr aýynyň 14-15-ne Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) geçirilendigi barada beýan edildi. Bu forumyň netijeleri boýunça agza-döwletleriň we halkara guramalaryň geljekde özarabähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýarlygyny şöhlelendirýän Aşgabat jarnamasy kabul edildi.

Maslahata gatnaşyjylar 2017-nji ýylda biziň ýurdumyzyň Halkara Energetika Hartiýasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiren çäreleri barada maglumat aldylar.

2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda geçirilen ägirt uly sport çäresiniň – V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegini kanagatlanma bilen bellemek gerek.

Mundan başga-da, maslahatda bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň strategiki häsiýete eýedir, munuň aýdyň görkezijisi bolup iki doganlyk ýurtlaryň baştutanlarynyň yzygider özara duşuşyklary çykyş edýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şöwket Mirziýöýewiň arasynda 2017-nji ýylyň 6-7-nji marty we19-20-nji maýy aralygynda Aşgabatga we Türkmenbaşyda bolup geçen duşuşyklarynyň netijeleri barada gürrüň edildi. Bu duşuşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna güýçli we täze hilli itergi berip ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemme ugurlar boýunça köpýyllyk hem-de strategiki täze esaslarynyň düýbüni tutdy.

Maslahata gatnaşyjylara 2018-nji ýylda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda meýilleşdirilýän umumy döwlet ähmiýetli çäreleri babatda maglumat berildi. Hususan-da metbugat maslahatyna gatnaşyjylara şu ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň açylmagy mynasybetli dabaralar barada habar berildi.

 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi