icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 fewral 2018

731

Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda brifing geçirildi

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy nukdaý-nazarlaryna we Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Bu çärä KR-yň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, “Merkezi Aziýa - Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň, işewürler toparlarynyň, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy nukdaý-nazarlary barada çykyş edip, bitarap döwlet hökmünde global ähmiýeti bolan meseleleri çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde, energetia, ulag, ekologiýa, sport we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň tagallalary babatda beýan etdi.

23-nji fewralda diňe bir sosial-ykdysady ähmiýeti bolman, sebitde durnuklylygyň we ösüşiň faktory bolup durýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbüni tutulmagy, şeýle hem Serhetabat-Turgundy täze demir ýoluny açylyp ulanylmaga berilmegi bilen bagly çareleriň geçirilýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy häsiýetlendirildi we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri bellenildi. 

Soňra çykyş eden “Merkezi Aziýa - Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň direktory j-p Li Çol-wu Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oýlanşyklydygyny we deňagramlydygyny belledi. TOPH gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň başlanmagyna ýokary baha berdi we türkmen tarapyny bu üstünlik bilen gutlady. Geografiki ýerleşişini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen Merkezi Aziýanyň uly ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynda esasy orunlary eýeleýän ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Koreýa - Merkezi Aziýa Dostluk assosiasiýasynyň Prezidenti hanym Li Ok-rýon Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly we ýokary ösüşini belledi, şeýle hem ýurduň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna ýokary baha berdi.

Esasy böleginden soňra duşuşyk “sorag-jogap” görnüşinde dowam etdi. Brifingiň ähyrynda myhmanlara türkmen tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi