icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 fewral 2018

780

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy “Ýüpek ýolunyň kubogyny” almak ugrunda köpçülikleýin ylgaw sport ýaryşyny geçirdi

2018-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Tbilisi şäher häkimligi, Gruziýanyň sport we medeniýet ministrligi we Korporatiw Sport federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäherinde “Ýüpek ýolunyň kubogyny” almak ugrunda köpçülikleýin ylgaw sport ýaryşyny geçirdi.

Agzalan ylgaw sport çäresine, daşary ýurtlaryň Gruziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň, Tbilisi şäher häkimliginiň, Sport we medeniýet ministrliginiň, Korporatiw sport federasiýasynyň, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Gruziýanyň köp sanly meşhur tälimçileri we türgenleri işjeň gatnaşdylar.

Ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda çykyş edenler, 2018-nji ýyl Türkmenistanda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip at berilendigini, Bitarap Türkmenistan üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýolyny täzeden dikeldýär. Munyň aýdyň mysaly hökmünde. şu ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga berilmegini, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagyny hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň ulanmaga berilmegini aýtmak bolar.

         Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, Türkmenistanyň arheologik hem-de medeni-taryhy ýadygärliklerini, medeni mirasyň we maddy gymmatlyklaryň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagz etmek, halkara jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, dünýäde ösüp gelýän ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlary geçiriljekdigi barada bellenildi.

         Şol bir wagtda, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň Türkmenistanda geçirilýändigi barada aýdyldy.

“Ýüpek ýolunyň kubogyny” almagy ugrunda köpçülikleýin ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi