icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 mart 2018

1015

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy brifing geçirdi

2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystandaky  Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylan üstünliklerine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  halkara hyzmatdaşlygy, umumy durnuklylygy we durnukly ösüşi ugrundaky oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.

Bu çärä Patyşa Feýsal adyndaky Yslam ylmy barlag merkeziniň wekilleri, Barlaglar we halkara bilim merkeziniň, Er-Riýad şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň,  Dünýa türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň, Saud Arabystandaky türkmen diasporasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz Bitaraplyk derejesini we “Açyk gapylar“ syýasatyny amala aşyrmak bilen, durnukly energiýa we ulag, daşky gurşawy goramak we ekologiýa, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda uly möçberli taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. Abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG bilen, gatnaşyklary giňeldip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan ençeme halkara başlangyçlaryň awtory bolup, Türkmenistan sebitde berk parahatçylygy gurmakda ýokary derejelere ýetdi.

Suw we energetika howpsuzlygyny, Owganystanda durnuklylygy we parahatçylygy üpjün etmek boýunça, bosgunlara kömek bermek, BMG-niň terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek we tagallalaryny goldamak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy we öňe sürülmegi Türkmenistan bilen BMG-niň oňyn gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Şeýle hem, ýaňy-ýakynda BMG-niň Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň içerki ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň içerki ulaglar boýunça Komitetiniň býurosynyň agzalygyna saýlanandygy bellenilip geçildi.

Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegine, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbiniň tutulmagyna we Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berilmegine degişli maglumatlar bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdylar.

Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisine tematiki maglumat prospektleri gowşuryldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi