icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 mart 2018

876

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministri j-p Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.

Syýasy hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini bellediler. Dürli derejelerde geçirilýän türkmen-eýran duşuşyklaryň we gepleşikleriň iki ýurduň arasynda adat bolan dostlukly gatnaşyklary strategiki esasda ösdürmäge ymtylyşyň bardygy aýratyn bellenildi. Şu jähtden taraplar Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri babatda pikir alyşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we energetika ulgamyndaky özaragatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Şunlukda, taraplar öňki ýetilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygyny bellediler.

Şeýle hem gepleşikleriň çäginde, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalaryna eýran kompaniýalaryny we işewürler toparlaryny çekmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Şol sanda eýran tehnologiýa täzeliklerini türkmen bazaryna çykarmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda gürrüň etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi