icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 mart 2018

747

Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şertnamanyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmakda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Taraplar ulag we üstaşyr geçirmek ulgamynda netijeli we özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Oman halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça gelnen şertleşmeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigi aýratyn bellenilip geçildi. Şeýle hem, Türkmenabat - Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylmagyna ýokary baha berdiler, olaryň ulanylmagy iki ýurduň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we Transkawkaz ulag geçelgesiniň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmak üçin amatly şertleri döreder.

Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy iki ýurduň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugy, doganlygy we hyzmatdaşlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak üçin öz taryhy jogapkärçiligini duýmak bilen, medeniýet, ylym, sungat, sport babatda we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we berkitmäge eýerýändiklerini tassykladylar.

Şeýle hem, mejlisiň çäklerinde türkmen we özbek ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň on dördünji mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça Tesriwnama gol çekildi.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, energetika we ulag ulgamlary giňeltmek hem-de söwda-ykdysady pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmegiň, medeni-ynsanperwer ulgamynda, hususan hem bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerine garadylar. Şeýle hem, bilelikdäki çäreleri gurnamak arkaly iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetini Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow kabul etdi.

Geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň meselelerine garaldy. Abraýly halkara guramalaryň we edaralaryň çäginde özara gatnaşyklaryň meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirýän sebitleýin we halkara syýasatynyň esasy meseleleriň ençemesi barada pikirleri alyşdylar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmegiň zerurlygy nygtaldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap gül goýdy.

Mundan başga-da wekiliýet Daşkentiň oba hojalyk tehnikalar zawodyna hem-de Daşkentiň ýolagçy wagonlary abatlamak we bejermek boýunça zawodyna baryp gördi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi