icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 mart 2018

643

Aşgabatda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 2-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi.

Duşuşyga Horasanyň, Mazandaranyň, Gülüstanyň, Birjand şäheriniň, şeýle hem Sarahsyň ýöriteleşdirilen ykdysady zolagynyň we goňşy ýurduň beýleki şäherleriniň senagat merkezlerine wekilçilik edýän eýran kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 65-siniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan söwda-ykdysady ulgamyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň barşynda myhmanlara türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysadyýetine bagyşlanan tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Ulag we aragatnaşyk, elektroenergetika, gurluşyk, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk önümleriniň önümçiligi hyzmatdaşlaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Obasenagat toplumynyň täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana önümçiliklerini gurmak, öňdebaryjy biotehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ulgamlarynda özara gatnaşyklar meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu duşuşyk söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, geljegi bar bolan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we gurallaryny kesgitlemekde indiki netijeli ädim bolmaga gönükdirilen diýip belläp geçdiler. Muňa iki döwletde hem döredilýän amatly maýa goýum şertleri, çalt depginler bilen ösýän içerki bazar, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň girizilmegi ýardam edýär.

Işewürler maslahatynyň çäklerinde iki goňşy ýurduň dürli edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi