icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 mart 2018

717

Türkmenistanyň Ilçihanasy Minskde metbugat maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, Milli Liderimiziň döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň ulag pudagyndaky ähmiýetini, Türkmenistanyň daşary syýasatyny, ulag we energetika diplomatiýasyny dünýä köpçüligine düşündirmek hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen 2018-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda metbugat maslahaty geçirildi.

Geçirilen bu maslahata Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, Belarus Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de, Minsk şäherinde ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylar düzümi, professor mugallymlary, türkmen we daşary ýurtly talyplar hem gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynyň dowamynda, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew çykyş edip, oňa gatnaşyjylara Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynda 2017-nji ýyl “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen gazanylan üstünlikler, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy, umumy durnuklylygy we durnukly ösüş ugrundaky oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi barada, şeýle-de, 2018-nji ýyly “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi bilen, şu ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan - Owganystan - Päkistan - Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygynyň dabaraly ýagdaýda başlanylmagy, halkara “Amul-Hazar 2018” awtorallisine we köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenabat şäherinde täze halkara howa menziliniň açylmagy barada gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilenler bilen bagly, maslahat çäresinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başygynyň birinji orunbasary Wiktor Aleksandrowiç Guminskiý, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň GDA gatnaşyjy döwletleri bilen gatnşyklary boýunça departamentiniň başlygy Wiktor Denisenko ýurdumyzyň iri halkara logistika merkezine öwrülýandigi, ulag we energetika ulgamlarynda möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigi barada beýan edip çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda, ýörite taýýarlanan wideo şekiller görkezildi. Şeýle-de masalahata gatnaşyjylar Ilçihananyň Medeni merkeziniň eksponatlary, türkmeniň milli geýimleri, Türkmenistanyň taryhyny we gözel ýerlerini wasp edýän suratlary bilen hem tanyşdyryldylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi