icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 mart 2018

781

Türkmenistanda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty geçýär

2018 nji ýylyň 5-nji martynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy.

 Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bilermenler-HUI-niň deňiz ykdysadyýeti, syýasaty, dolandyryş, ekologiýasy, deňiz hukugy we beýleki ugurlardan ylmy maslahatçylary gatnaşýarlar.

10 günlük okuwyň maksatnamasy Hazarýaka döwletleriniň ösüsiniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary bilen gös-göni bagly bolan meseleleriň giň toparyny öz içine alýar. Okuw dört bölüme – “Ummany dolandyrmagyň düzümi”, “Suw serişdelerini durnukly dolandyrmagyň maliýe gurallary”, “Umman bilen gatnaşyklary dolandyrmagyň gurallary” we “Hazar deňzini dolandyrmak” diýen ugurlara bölünýär.

Okuwyň birinji güni maslahata gatnaşyjylar “Adamzadyň umumy mirasynyň konsepsiýasy” bilen tanyşdyryldy, oňa laýyklykda, adamzat siwilizasiýasynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde esasy orun Dünýä ummanyna – Ýerdäki durmuşyň sallançagyna degişlidir. Ummanlar we deňizler Ýer ýüzüniň dörtden üç bölegini eýeläp, gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň, biologik serişdeleriň ägirt uly gorlarynyň çeşmesi, yklymara gatnaşyklary üçin serişde bolup hyzmat edýärler, howany emele getirýärler we kadalaşdyrýarlar.

Şeýle hem okuw maslahatynyň çäklerinde “Ummanlaryň baýlygy”, “Howanyň üýtgemeginiň deňiz gurşawyna täsiri”, “Deňiz köpdürlüligi”, “Daşky gurşawa täsire baha bermek”, “Kenarýaka zolaklaryny toplumlaýyn dolandyrmak”, “Deňiz giňişligini meýilleşdirme”, “Hazar deňziniň nebit, gaz we beýleki serişdelerini gözlemekde hem-de ulanmakda halkara hukugyny peýdalanmak”, “Hazar deňzinde gämi gatnawyny kadalaşdyrmagyň halkara kadalaryny peýdalanmak”, “Türkmenistanda ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamalary”, “Hazar deňzi sebiti: durmuş-ykdysady we syýasy ugurlar”, “Hazar ekologiýa maksatnamasy” ýaly mowzuklara garalar. Okuw leksiýalary, tejribe sapaklaryny, interaktiw çekişmeleri, tegelek stollary, tanyşdyrmalary, Hazar döwlet goraghanasyna tanyşlyk gezelenjini öz içine alýar.

“Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işini dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi