icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 mart 2018

1033

Aşgabatda Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki türkmen-rus topary öz işine başlady

2018-nji ýylyň 5-nji martynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň şygary astynda hereket edýän Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki topar öz işine başlady. Rus tarapynyň wekiliýetiniň düzümine döwlet düzümleriniň, dürli pudaklarda işleýän iri kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary, Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň agzalary girdi.

Hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guralan iki günlük duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli özara hereket etmegiň täze ugurlaryny kesgitlemekden, işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki işler taraplaryň gazanan ylalaşyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge hem-de hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin täze görnüşleri we serişdeleri işläp taýýarlamaga ýardam edýär.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan sebitleri we Swerdlowsk oblastlary hem-de beýleki künjekleri bilen Türkmenistanyň netijeli gatnaşyk etmegi üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň subutnamasydyr. Şu babatda Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy “KAMAZ”, “Wozroždeniýe”, “Zarubežneft” kompaniýalarynyň, “Sibir” awiakompaniýasynyň senagat pudagyny ösdürmek, şähergurluşygy we ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň milli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde alyp barýan işlerini hem nygtamak zerurdyr.  

Häzirki wagtda Ykdysady hyzmatdaşlygyň 2017-2019-njy ýyllar üçin hökümetara türkmen-rus maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Bu maksatnama söwda, senagat, energetika hem-de inženerçilik üpjünçiligi, gurluşyk, oba hojalygy, ulag ulgamlarynda we beýlekilerde dürli çäreleriň hem-de taslamalaryň 80-sini özünde jemleýär. Bu resminamada kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmegi eksport-import alyşmalaryň düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. Russiýanyň eksport merkeziniň işi hem bilelikdäki daşary ykdysady maksatnamalara ýardam bermägi maksat edinýär.

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň döwlet düzümleriniň, hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň şu gün geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda netijeli işewür gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga özara gyzyklanma tassyklanyldy. Dostlukly ýurduň işewürleri iri möçberli milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýdyp, dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi