icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 mart 2018

824

Türkmenistan we Bangladeş Halk Respublikasy hyzmatdaşlygyň geljekdäki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

2018-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Bangladeş Halk Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Şähriýar Alam bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerip, taraplar olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şu jähtden taraplar ýokary derejedäki saparlaryň, şeýle hem iki ýurdyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ornuny belläp geçdiler.   

Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Pursatdan peýdalanyp Bangladeş Halk Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Türkmenistanyň Daşary işler ministrini  şu ýylyň 5-6-njy maýynda Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.  

Şeýle hem taraplar energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda Bangladeş tarapy Türkmenistany Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna üstünlikli başlamagy bilen gutlap, bu möhüm taslama geosyýasy häsiýete eýedir diýip belläp geçdi.

Mundan başga-da gepleşikleriň barşynda ykdysady, maýa goýum, oba hojalygy, himiýa senagaty we ylym ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi