icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 mart 2018

941

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tegelek stoly geçirdi

2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylan üstünliklerine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  halkara hyzmatdaşlygy, umumy durnuklylygy we durnukly ösüşi ugrundaky oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Bu çärä Stambul şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, professorlary, ýokary bilim alýan talyplar we ýerli habar beriş serişdeleriniñ wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz Bitaraplyk derejesini we “açyk gapylar“ syýasatyny amala aşyrmak bilen, durnukly energiýa we ulag, daşky gurşawy goramak we ekologiýa, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda uly möçberli taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. Abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG bilen, gatnaşyklary giňeldip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan ençeme halkara başlangyçlaryň awtory bolup, Türkmenistan sebitde berk parahatçylygy gurmakda ýokary derejelere ýetdi.

Şeýle hem, 2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň içerki ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň içerki ulaglar boýunça Komitetiniň býurosynyň agzalygyna saýlanandygy bellenilip geçildi.

Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegine, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbüniň tutulmagyna we Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň ulanmaga berilmegine degişli maglumatlar bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdylar.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýaý­baň­la­nan hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň bira­gyz­dan gol­da­wy­na eýe bo­lan de­mok­ra­tik we ösüş­le­re bes­le­nen özgertme­ler ýo­lu­na türk­me­nis­tan­ly­la­ryň yg­rar­ly­dy­gy­ny be­ýan edýän, 25-nji mart­da geçiril­megi bel­le­ni­len Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlaw­laryna gatnaşmaklyk barada giňişleýin maglumat berildi.

Tegelek stoluň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisine tematiki maglumat prospektleri gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi