icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 mart 2018

698

Türkiýede Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň her künjeginde we daşary ýurtlarda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly dabaraly çäreler geçirilýär. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhyna we baý medeniýetine sarpa goýýan türkmen halky üçin bu ýylyň ähmiýeti örän uludyr.

2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkiýanyň Kyrklareli Uniwersitetinde daşary ýurtly we ýerli talyplaryň gatnaşmaklarynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Talyp şüweleňine, uniwersitetiň fakultetleriniň dekanlary, professor mugallymlary, dolandyryş bölüminiň işgärleri hem-de köp sanly talyplar gatnaşdylar.

Dürli ýurtlardan gelip, bu ýokary okuw jaýynda bilim alýan daşary ýurtly we ýerli talyplar, öz ýurtlarynyň milli hem-de tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan tanslar we diwarlyklar bilen çykyş etdiler. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli “Küşt depdi” tansymyz bolsa dabara gatnaşyjylarda unudylmajak täsirler galdyrdy.

Şeýle hem, Baş konsullygymyz tarapyndan, türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Berkarar döwletimiziň gazanan ajaýyp üstünlikleri, türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeniýeti hem-de “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi bilen tanyşdyrýan giň gerimli sergi guraldy.

Dabaralaryň ahyrynda, çäreleriň geçirilen ýerlerine ýygnanan türkmen talyplary, özleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly uniwersitetlerinde bilim alyp, geljekde milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagyna goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň elmydama aman bolmagyny hem-de alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi