icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 mart 2018

794

Pekinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

2018-nji ýylyň 19-njy martynda Pekiniň Ulag uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý tegelek stoly geçirildi.

Tegelek stol 2018-nji ýylyň “Türmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy, Pekiniň Ulag uniwersiteti we Ýol we köpri gurluşygy boýunça işleýän Hytaý kompaniýasy bu çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler.

Tegelek stola Pekinde akkreditirlenen diplomatik edaralaryň işgärleri, Pekin şäheriniň ulag logistiki kompaniýalarynyň bilermenleri, Pekiniň Ulag uniwersitetiniň professor-mugallymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Tegelek stoluň barşynda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde        türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň gerimine seredildi. Bu çärä gatnaşyjylar diňe bir bu gadymy ýoly gaýtadan dikeltmek barada däl, eýsem Beýik Ýüpek ýoluny häzirki ýagdaýlarda gaýtadan dikeltmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlarynyň anyk ugurlary we “Ýüpek Ýolunyň ykdysady guşagy” hytaý konsepsiýasy barada hem gürrüň etdiler.

Tegelek stoluň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň Ilçisi Ç.Rustamowa Türkmenistanyň logistika infrastrukturasynyň ösüşiniň häzirki tapgyrynyň aýratynlyklary bilen jikme-jik tanyşdyrdy we sebitiň ähli ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanmakda onuň ähmiýeti barada aýtdy.

Halkara bilim we alyş-çalyş merkeziniň başlygy Lýu Ansin ýokary tehnologiýalaryny ösdürmekde we bilim ulgamynda bilelikdäki ylmy hem-de innowasion taslamalaryny durmuşa geçirmekde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini belledi. “Hytaý demir ýollary” korporasiýasynyň baş direktorynyň orunbasary Lýu Sinbaoniň we Demirýol ulagy çygrynda hyzmatlar döwlet tehniki bilim boýunça merkeziniň başlygy Çžu Sýaoininiň çykyşlarynda özarabähbitlilik  we energetika hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki ýörelgeleri esasynda bilelikdäki taslamalaryň howpsuz we durnukly ulanylyşyny üpjün etmek boýunça hyzmtdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak babatda teklipler beýan edildi.

Beýik Ýüpek ýoluny häzirki ýagdaýlarda gaýtadan dikeltmegiň ugrunda amala aşyrylýan Türkmenistanyň giň möçberli ulag-üstaşyr kuwwatyna degişli tanyşdyrlyş dabarasy tegelek stola gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Tegelek stoluň ahyrynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler boýunça pikir alşyldy. Oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmada we geljekde gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi