icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 mart 2018

871

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary

2018-nji ýylyň 27-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sapar wagtynda özi üçin bellenilen paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugrady.

Günüň birinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşini mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlukly salamlaşyp, ýörite gurnalan ýere geçýärler. Bu ýerdäki meýdanda mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasy boldy. Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Ruhani Hormat garawulynyň nyzama düzülen esgerleriniň öňünden geçýärler. Türkmen Lideri eýranly kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. EYR-nyň Prezidenti ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyrylýar. Öz nobatynda, goňşy döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Eýranyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen Garaşsyzlyk meýdanyndan geçýärler.

Soňra iki ýurduň Liderleri Ruhyýet köşgüne ugraýarlar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soň, ikiçäk görnüşde ýokary derejede türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Hasan Ruhanini türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde birek-birege özara goldaw berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändiklerini belledi.

Prezident Hasan Ruhani Eýranyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hemişe ygrarlydygyny tassyklap, häzir ähli ugurlar boýunça türkmen-eýran gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. EYR-nyň Baştutany Aşgabatdaky häzirki gepleşikleriň döwletara gatnaşyklara täze itergi we mazmun berjekdigine ynam bildirip, doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Liderleri türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljekki meýiller babatda onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Taraplar duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, halkara derejede mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşine hem-de EYR-nyň wekiliýetiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygyň kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň türkmen-eýran dost-doganlygynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyny belläp, bu saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolan Hökümetara topar barada aýdylanda, onuň işiniň has giň gerim bilen alnyp barylmagy energetika, ulag hem-de aragatnaşyk, maşyngurluşygy we ýeňil senagat, oba hojalygy hem-de gaýtadan işleýän pudaklarynda has amatly şertleri döretmäge ýardam berer. Türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň berk we binýatlyk esaslarynyň biri hem umumy medeni-ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýan hoşniýetli gatnaşyklarymyz biziň döwletara aragatnaşyklarymyzda gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýandygy aýdyldy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

2018-2020-nji ýyllarda medeniýet, sungat, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; 2018-2022-nji ýyllar üçin Söwda hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyş-çalyş etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilelikdäki Türkmen-Eýran işewürler geňeşini döretmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sertifikatlaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça Meýilnama; oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; sport babatda 2018-2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna; howa ulagy boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

 EYR-nyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

 Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Milli Liderimiz EYR-nyň Prezidentiniň saparynyň netijelerine ýokary baha berip, uzak geljege gönükdirilen türkmen-eýran hyzmatdaşlygyna uly itergi berlendigini kanagatlanma bilen nygtady.

Öz nobatynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany nurana Nowruz baýramyna gabat gelen ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, onuň netijeli häsiýetini nygtady. Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň barşynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi