icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

15 noýabr 2016

1014

Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary

2016-njy ýylyň 13-nji noýabrynda agşam Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas ilkinji resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi. 14-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-palestin gepleşikleri geçirildi.

 Irden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň, soňra bolsa atlylaryň hormat nyzamynyň ugratmagynda “Oguzkent” myhmanhanasyndan  çykyp, Garaşsyzlyk meýdanyna gelip saklandy. Bu ýerde Palestinanyň Prezidentini resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas köşge barýarlar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soň, ýokary derejede ikiçäk görnüşde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Iki döwletiň Baştutanlary özara söhbetdeşligiň barşynda türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyp, taraplaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýan syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmagy ugur edinýändigini tassykladylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň giň topary boýunça, ilkinji nobatda, ählumumy howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamyny berkitmek ýaly strategiki ugurda  pikir alyşdylar.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijelerini jemlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  ozal gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini belläp,  ýokary derejedäki ilkinji duşuşygyň uzakmöhletleýin geljekde türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýandygyna ynam bildirdi.  Mahmud Abbas mähirli sözler we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Palestina resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Milli Liderimiz çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Ondan soň iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen Palestinanyň Maýa  goýumlara ýardam etmek agentliginiň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Palestina Döwletiniň Söwda edarasynyň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde çykyş etdiler. Metbugat wekilleri bilen duşuşygyň ahyrynda Palestinanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we alyp barýan möhüm işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Palestinanyň Prezidentiniň ulag kerweni Gypjaga bardy, şol ýerde jenap Mahmud Abbas Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, aramgähe gül çemenini goýdy.

Soňra Palestinanyň Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýdy. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk binasynyň ýanyndaky Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde Prezident Mahmud Abbas agaç nahalyny oturtdy.

Agşam belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Palestinanyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi