icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 aprel 2018

850

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri Pekindäki göreldeli mekdebe bardylar

2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň HHR-ndaky Ilçisi Ç.Rustamowa we diplomatik wekilhananyň işgärleri çagalary bilen bilelikde, şeýle hem hytaý paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary Pekindäki «Şiszýa» atly göreldeli mekdebe baryp gördüler.

Bu okuw edarasyna bolan sapar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek çygrynda gurnaldy. Hytaý mekdep okuwçylary türkmen myhmanlary üçin mekdep boýunça tanyşdyryş saparyny gurnadylar, synp otaglaryny görkezdiler, mekdep muzeýiniň eksponatlary bilen tanyşdyrdylar, özüniň sungat we sport üstünlikleri, dürli bilim taslamalaryna gatnaşmagy barada gürrüň berdiler.

Ýygnaklar otagynda gepleşik geçirilip, onuň dowamynda mekdebiň direktory hanym Wan Huan we partiýa komitetiniň sekretary jenap  Hun Weý myhmanlary mekdebiň  taryhy, bilim bermek aýratynlyklary we däpleri bilen tanyşdyrdylar.

Öz gezeginde Ilçi Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýolunyň taryhyndaky orny babatda söz açmak bilen, ýurdumyzda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dürli çäreler barada aýtdy. Ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine garalyp, Türkmenistanyň we Hytaýyň mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we alyş-çalyş maksatnamalaryny amala aşyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi ýygnanalaryň dürli soraglaryna jogap berdi.

Ilçihananyň çagalary we hytaý mekdep okuwçylary dostlukly gepleşikde wagtlaryny geçirdiler, türkmen, iňlis we hytaý dillerinde goşgulary okadylar we aýdym aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Ilçisi mekdebe Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynyň iňlis we rus dillerindäki görnüşlerini, çagalara bolsa milli süýjüleri we ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.

«Şiszýa» Hytaýyň öňdebaryjy orta mekdepleriniň arasynda ýokary orunlaryň birini eýeleýär we ylym we tehnika ugurlarynda öňdebaryjy mekdepleriň biri hasap edilýär. Mekdebiň okuwçylarynyň daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlaryň resmi duşuşyklarynyň dabaralaryna gatnaşmak üçin çagyrylmagy mekdebiň ýokary abraýynyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda mekdep Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň öňdebäryjy mekdepleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi