icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 aprel 2018

851

Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça işçi topar döredildi

Aşgabatda Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin  maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça Merkezi Aziýada ilkinji pudagara maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça Hökümetara komissiýasy, halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) ýardam bermeginde daşky gurşawy gorap saklamak we ýer baýlyklary boýunça Döwlet komiteti çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler.  

Maslahata Türkmenistandan teklipleri bermek boýunça milli işçi toparyny düzýän ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Şular ýaly işler Gaznany beýleki esaslandyryjy döwletlerde hem geçirmeklik meýilleşdirilýär. Döwletleriň milli teklipleri 2015-nji ýylda BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryna laýyklykda düzüler. Türkmenistan dünýäde ilkinji döwletleriň hatarynda Durnukly Ösüş Maksatlaryny milli ykdysadyýete uýgunlaşdyrmak boýunça maslahatlary başlady.

Maksatnamalary işläp taýýarlamak Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynda başlyklyk etmegindäki konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly 2003-nji ýylda kabul edilen ozalky daşky gurşawy goramak boýunça Sebitleýin hereketleriň maksatnamasynyň möhleti tamamlandy. Onda döwletleriň şol sanda, gurak howa şertleri oba hojalygy alyp barmagy we ykdysadyýeti ösdürmegi kynlaşdyrýan biziň sebitimiziň ösüşiniň strategiýasynyň esasyna goýulýan howanyň üýtgemeginiň nazarlary ýeterli derejede göz öňünde tutulmandyr. Täze resminama milli ösüş maksatnamalaryny we sebitiň ýurtlarynyň halkara borçnamalaryny göz öňünde tutýan çäreleri öz içine alar.      

Daşky gurşawy goramak boýunça Sebitleýin hereketleriň maksatnamalaryny täzelemek boýunça işler 2017-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde kabul edilen Durnukly Ösüş boýunça Hökümetara komissiýasynyň çözgütleriniň esasynda alnyp barylýar. Munuň bilen bir wagtda ýene bir taslamanyň-Aral deňziniň basseýniniň meýilnamasynyň işläp taýýarlamagyň alnyp barylýandygyny bellemek möhümdir. Meýilnamanyň esasy maksatlary-deňziň basseýni sebitinde ýaşaýan adamlaryň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak, ekologiki we sosial-ykdysady meseleleri çözmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, suw gorlaryndan rejeli peýdalanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak. Ony işlap taýýarlamak üçin Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň düzüm bölekleriniň wekillerinden, halkara bilermenlerden we Gaznany esaslandyryjy döwletleriň ýörite ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerinden düzülen sebitleýin we milli işçi toparlary dörediler.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi