icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 aprel 2018

739

Kiýewde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp sport ýaryşlary geçirildi

2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp her ýyl Türkmenistanda geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleriniň çäginde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Kiýew şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda sport ýaryşlary geçirildi. Ýaryşa Kiýewiň ona golaý ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Ýaryşlaryň öň ýanynda ýaňy-ýakynda Kiýew şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijilerini we baýrakly orunlara mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy boldy. Ilçihana çäräniň hormatly myhmany Ukrainanyň ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Nikolaý Mowçan bilen bilelikde birinji ýer alan ýygyndy toparynda kubogy gowşurdy, baýrakly ýer alan ýygyndy toparlaryň oýunçylaryna sylag heýkeljikleri, hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ministriň orunbasary talyplary we ähli türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady we Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportyň okgunly öňe gidýändigine, milletiň beden we ruhy sagdynlygy babatynda döwletiň etýän aladalaryna, geçen ýylyň sentýabr aýynda Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilendigine ýokary baha berip, ýaşlara sagdyn, bagtly geljegi we sportda üstünlikleri arzuw etdi.

Talyplar sportuň stol tennisi, agram götermek, küşt we şaşka görnüşleri boýunça öz aralarynda ýaryşdylar. Baýrakly ýerlere Milli ulag uniwersitetiniň, Ukrainanyň milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň, M.P.Dragomanow adyndaky milli pedagogiki uniwersitetiniň, Taras Şewçenko adyndaky Kiýewiň milli uniwersitetiniň we Kiýewiň milli diller uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldular. Ýaryşlaryň jemleri boýunça ýeňijilere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport çärelerine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sagdyn we bagtly milleti üpjün etmäge gönükdirilen parasatly syýasaty, diňe bir öz ýurdunda däl eýsem, daşary ýurtlarda hem aladalaryny duýýandyklary üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi