icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 aprel 2018

743

Minsk şäherinde “Bizi birleşdirýän aýdymlar” atly duetleriň XI halkara aýdym bäsleşigi geçirildi

2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Minsk traktor zawodynyň Medeniýet köşgünde “Bizi birleşdirýän aýdymlar” ady bilen duetleriň XI halkara aýdym bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige jemi 12 ýurtdan (Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Latwiýa Respublikasyndan, Litwa Respublikasyndan, Polşadan, Russiýa Federasiýasyndan, Rumyniýadan, Tajigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Ukrainadan) wokal duetler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň baý medeniýetini, milli mirasyny giňden dünýa ýaýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan agzalan çärä Belarus Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplarynyň duetiniň gatnaşdyrylmagy gazanyldy.

Şeýle hem çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada ýörite taýýarlanan wideo görnüş hem görkezildi.

Düzüminde bäsleşige gatnaşýan ýurtlarynyň medeniýet ulgamyndan görnükli sungat işgärlerinden we belli artistlerden düzülen eminler topary duetleriň iň ökdelerini kesgitlediler.

Bäsleşigiň netijesi boýunça Türkmenistanly talyplar “Tomaşyçylaryň söýgüsi” atly baýraga mynasyp boldylar we degişli diplom bilen sylaglandylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi