icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 aprel 2018

727

Aşgabatda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly çäreleriň biraýlygynyň Daşary işler ministrliginiň we Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmaklarynda çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary gurnamak indi däp boldy.

Bu ýyl onlarça toparlar we wekiller sportuň stolda oýnalýan tennis, küşt, woleýbol we kiçi futbol ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler.

Stolda oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar Türkmen milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport toplumynda geçirildi. Ýaryşyň jemleri boýunça birinji orna ABŞ-yň Ilçihanasynyň wekili, ikinji orna Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň wekili, üçünji orna bolsa Täjigistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň wekili mynasyp boldular.                                                                                                                                                                                                                                                                                        

Küşt boýunça bäsleşik Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň binasynda gurnaldy, we bu bäsleşikde Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň wekili ýeňiş gazandy, ikinji orna ABŞ Ilçihanasynyň wekili, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň DIM-niň wekili mynasyp boldylar.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçirilen woleýbol ýaryşynyň jemleri boýunça Russiýanyň Ilçihanasynyň topary birinji orny eýeledi, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň topar ikinji orny we üçünji orny Türkmenistanyň DIM-niň topary eýeledi.

Däp bolşy ýaly kiçi futbol boýunça ýaryş iň gyzykly bolup, ol paýtagtymyzyň köpugurly “Aşgabad” stadionynda geçirildi. Toparlaryň köplügi sebäpli, olar ilki iki bölümçä bölünip oýnadylar we bölümçeleriň ýeňijileri ýarym finala çykdylar, soňra bolsa final oýunlary oýnaldy. Netijede birinji orny Russiýanyň Ilçihanasynyň topary, ikinji orny Katar Döwletiniň we ÝHHG-niň ýygyndy topary we üçünji orny ABŞ-yň Ilçihanasynyň topary eýelediler.

Baýrakly orunlary eýelän toparlar we wekiller Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň diplomlary we degişli sport federasiýalarynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu ýaryşlary we bäsleşikleri gurnamaga we geçirmäge beren ýardamlary üçin Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt mekdebine hem-de stolda oýnalýan tennis, woleýbol we futbol boýunça milli federasiýalara minnetdarlygyny bildirýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi