icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 aprel 2018

680

Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi.

Bu foruma gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýere ýygnandylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy “Oguzkent” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Binanyň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy mejlise gatnaşyjylar garşylaýarlar. Şu ýerde foruma gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen surata düşmek dabarasy boldy. Soňra hemmeler myhmanhananyň mejlisler zalyna bardylar.

 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary mübärekläp, güneşli türkmen topragynda şöhraty äleme dolan behişdi ahalteke bedewleriniň Watanynda sekizinji gezek geçirilýän forumyň öz işine başlamagy bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýylyň ähmiýetli wakasy bolmagyna gönükdirilen mejlisiň gün tertibini yglan edip, ahalteke atçylygyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek meselelerine seredilip geçiljekdigini, häzirki tapgyrda guramanyň öňünde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de degişli çözgütleriň kabul ediljekdigini belledi.  

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilen pursadyndan bäri geçen sekiz ýylda dünýäniň çar künjeginden köp sanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary, edara görnüşli taraplar we hususy atşynaslar bu düzümiň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäniň 32 döwletinden edara görnüşli we şahsy taraplaryň 137-si assosiasiýanyň agzasy bolup durýar we olaryň sany ýylsaýyn artýar, bu bolsa alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelýändigini görkezýär, diýip döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çuň mazmunly çykyşy foruma gatnaşyjylar we onuň myhmanlary tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Soňra çykyş etmek üçin Ispaniýa Patyşalygynyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti hanym Blanka de Toledo Loma Osorio söz berildi. Myhman assosiasiýanyň agzalarynyň adyndan Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanda her ýyl geçirilýän çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Awstriýadan gelen hususy atşynas jenap Markus Mag. Hubmanna çykyş etmek üçin söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ähli agzalarynyň adyndan Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we jogapkärli işiniň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” we “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly atlary dakmak hakynda Permanlar okaldy. Dabaraly ýagdaýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyza hem-de daşary ýurtly raýatlara sylaglary gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisiniň tamamlanýandygyny yglan etdi. Bu mejlis bütin dünýäde şöhratly tohum atlaryny ösdürmek, täze döwrebap şertlerde bu bilelikdäki işleriň maksatlaýyn binýadyny üpjün etmek hem-de atçylygyň we atçylyk sportunyň kemala gelýän iri halkara merkezi hökmünde Türkmenistanyň tutýan ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça ýeke-täk strategiýanyň amala aşyrylmagynda ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi