icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 aprel 2018

767

Energetika infrastrukturasynyň tebigy betbagtçylyklardan goraglylygy – ÝHHG-niň Türkmenistandaky okuw maslahatynyň üns merkezinde

2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi energetika infrastrukturasynyň goragyna we energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen mümkin bolan howplaryň we netijeli seslenme çärelerini  taýýarlamaga, beýleki mehanizmleriň täsiriniň we ornaşdyrylmagynyň seljerilmegi meselelerinde öňdebaryjy halkara tejribesini alyşmak maksady bilen Aşgabatda iki günlük çäresini gurnady.

Maslahatyň işine adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Döwlet seýsmologiki gullugynyň we beýleki degişli gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň açylyşynda çykyş edip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozd, energetika torlarynyň tebigy we tehnogen betbagtçylyklaryndan goragy baradaky 2013-nji ýylda ÝHHG-niň Ministrler Geňeşiniň Çözgüdi barada aýtdy. Bu çözgüt ÝHHG-niň agza-ýurtlaryny «ÝHHG-ni mümkin boldygyndan ÝHHG-niň sebitinde howpsuzlygy we energetika torlarynyň fiziki goragyny berkitmek işinde maglumat çalşygyny öňdebaryjy tejribesiniň nusgalary bilen tanyşdyrmak üçin giň gepleşikler meýdany hökmünde ulanmaga çagyrýar».

“Şu günki çäre tebigy betbagytçylyklaryň howpuny azaltmak meselelerinde degişli milli edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam bermek maksatlary bilen 2016-njy ýyldan bäri durmuşa geçirilýän ÝHHG-nyň merkeziniň işiniň çäklerinde guralan” diýip, Ilçi Drozd belläp geçdi.

Halkara bilermenler tebigy betbagytçylyklardan energetiki infrastrukturany goramagyň dolandyryjy usullaryny açyp görkezdiler we şol sanda energetiki infrastrukturanyň desgalarynda  ýer yranmalarynyň netijeleriniň öňüni almagyň we  ýok etmegiň usullary bilen paýlaşdylar. Şeýle hem gatnaşyjylar tebigy betbagytçylyklaryň ýagdaýynda çalt hereket etmegi guramakda dolandyrmagyň we çözgütleri kabul etmegiň esaslary bilen tanyşdylar. Okuw sapagy şeýle hem tejribe sapaklaryny öz içine aldy we Türkmenistanda mümkin bolan tebigy betbagytçylyklaryň howplaryny peseltmek boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler bilen tamamlandy.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi