icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 aprel 2018

831

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy Brýussel şäherinde kiçi futbol boýunça bäsleşik geçirdi

Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriň biraýlygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy 2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde Brýussel şäherinde kiçi futbol boýunça bäsleşik geçirdi. Diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň wekilçilik etmeginde geçen bäsleşikde Merkezi Azia döwletleriniň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň diplomatlaryndan ybarat bitewi topar), Azerbaýjanyň, Belarusyň, Russiýa Federasiýasynyň,  Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň we Ýewropa Bileleşiginiň sport toparlary gatnaşdylar.

Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, şeýle hem Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasy işler boýunça gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň başlygy çärä hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.

Sport ýaryşlarynyň başlamagynyň öň ýanynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesi esasynda Watanymyzda yzygiderli geçirilýän, halkymyzyň saglygyny berkitmeklige hem-de ösüp gelýän ýaş nesliň fiziki we ruhy-ahlak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen bedenterbiýe-sport çäreleri barada daşary ýurtly myhmanlara giňişleýin maglumat berildi.

Soňra, bäsleşige gatnaşýan 6 topar özara güýç synanyşdyar. Ýaryşlaryň netijesi boýunça, birinji orna Azerbaýjanyň topary mynasyp boldy. Ýeňiji toparyň kapitanyna Çempionlar Kubogy görnüşinde taýýarlanan ýadygärlik sowgady dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sowgat gowşuryş dabarasyndan soňra, çärä gatnaşyjylar bilen bilelikde umumy surata düşüldi.

Umumylykda, dostlukly ýagdaýda geçen futbol bäsleşigine gatnaşyjylar onuň guramaçylary hökmünde çykyş eden Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň diplomatlaryna öz minnetdarlyklaryny mälim etdiler.

Ýaryşlar we dabaraly çäreler tamamlanandan soň, oňa gelen myhmanlaryň ählisine milli türkmen tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi