icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 aprel 2018

787

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy PETRONAS tehnniki uniwersitetinde tegelek stol geçirdi

2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Malaýziýanyň PETRONAS tehnniki uniwersitetinde (UTP) okaýan türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň talyplar bölüminiň wekilleri bilen bilelikde “2018-nji ýyl - Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylmagy we Türkmenistanyň energetika syýasaty, hususan hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynda alyp barýan parasatly işlerini wagyz-nesihat etmek bilen baglanyşykly tegelek stol çäresi geçirildi.

Çäräni Türkmenistanyň Malaýziýadaky llçisi Ý.Mämmedow açyp, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şygarynyň türkmen döwletini ösdürmegiň köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni däplere, milletiň ruhy mirasyna we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan konsepsiýasyny şöhlelendirýändigini çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.

Tegelek stolyň dowamynda 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilendigi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutulandygy hem-de Serhetabat-Turgundy täze demir ýolynyň ulanmaga berilendigi barada aýratyn nygtalyp geçildi.

Tegelek stoluň dowamynda TOPH gaz geçirijisi we Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty barada maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.

Çäräniň dowamy interaktiw häsiýete eýe boldy we talyplary gyzyklandyrýan soraglara jogaplar berildi. Mundan başga-da, llçihananyň wekilleri tarapyndan soňky wagtlarda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky wakalar barada, hususan-da Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet sapary barada gürrüň berildi.

Çärede çykyş eden talyplar, Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamy ýaly möhüm ugurda ýaşlar üçin edýän yzygiderli atalyk aladalaryna hem-de goldawlaryna öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi