icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»

15 noýabr 2016

3975

Aşgabatda Palestina Döwletiniň Ilçihanasynyň açylyş dabarasy geçirildi

2016-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna iki ýurduň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasy Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň Türkmenistana resmi saparynyň çäginde geçirildi.

  Dabaraly çärede bellenilişi ýaly, şu waka hem-de ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar iki ýurduň hem uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.

  14-nji noýabrda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow palestinaly kärdeşini türkmen tarapynyň doganlyk ýurduň diplomatik wekilhanasynyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi