icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

07 oktýabr 2016

1719

Türkmenistan Bagam Adalary Arkalaşygy bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy

2016-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Bagam Adalary Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy geçirildi.

            Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we Bagam Adalary Arkalaşygynyň Hemişelik wekilleri iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşykalrynyň berkidilmegine we syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.

            Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary oňaýly ýola goýmak barada pikir alyşdylar. Taraplar özara syýasy hyzmatdaşlyga ähmiýet bildirip iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri hemişelik esasda geçirmek barada ylalaşdylar. Şeýle hem, halkara guramalaryň çäginde özaragatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi