icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 maý 2018

696

Hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garamak maksady bilen Moldowa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kiýew şäheri) jenap Ruslan Bolboçan bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gelejegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar syýasy gepleşikleriň, halkara guramalaryň çägindäki diplomatik özaragatnaşyklaryň we parlamentara gatnaşyklarynyň  işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek babatda meseleleriň giň ugry boýunça pikirler alşyldy. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewür adamlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň, iki ýurduň işewürleriniň duşuşygynyň, şeýle hem ulag hyzmatdaşlygy boýunça duşuşygynyň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar gaz we energetika ulgamlarynda, şeýle hem raýat awiasiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi