icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 maý 2018

836

Halkara maglumat howpsuzlygy meselelerine bagyşlanan türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri

2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maglumat howpsuzlygy boýunça türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri geçirildi. Rus tarapynyň wekiliýetine Russiýa Federasiýasynyň Howpszulyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary O.W. Hramow  ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda syýasy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, wekiliýet ýolbaşçylary maglumat howpsuzlygy meselesinde geljekde özaragatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny we zerurlygyny bellediler. Maglumat gurşawyndaky häzirki ýagdaý barada pikirleri alyşyp, taraplar halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiýasynyň we syýasatynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da geljekde bu ugurdaky, şol sanda  BMG-niň çaginde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi