Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda  dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di, bu se­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy.

 Ir bi­len paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň müň­ler­çe­si türk­men paý­tag­ty­nyň aja­ýyp kün­je­gin­de - Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň we Jül­ge kö­çe­si­niň ke­siş­ýän ýe­rin­dä­ki aý­law çat­ry­gy­nyň go­la­ýyn­da ýyg­nan­dy­lar, bu ýer­den Aş­ga­ba­dyň aja­ýyp gör­nü­şi açyl­ýar.

 Ýyg­na­nan­la­ryň ha­ta­ryn­da hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, dip­lo­mat­lar, ýaş­lar bar.

 Bu ýe­re, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň ba­dal­ga al­ýan kün­je­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow gel­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ab­raý­ly da­şa­ry ýurt gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­los­port bo­ýun­ça dün­ýä çem­pion­la­ry bi­len gür­rüň­deş­lik­de şu gün­ki çä­rä gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, ola­ryň ha­ýy­şy bo­ýun­ça ýa­dy­gär­lik üçin bi­le­lik­de su­ra­ta düş­di.

 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de gut­lag sö­zi bi­len çy­kyş et­di.  Mil­li Li­de­ri­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji ses­si­ýa­sy­nyň 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de bo­lup ge­çen 82-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len de­giş­li Re­zol­ýu­si­ýa­ny ka­bul eden­di­gi­ni aý­dyp, dün­ýä­niň 56 döw­le­ti­niň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni ba­ra­da­ky Re­zol­ýu­si­ýa­nyň aw­tor­da­şy bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. 3-nji iýu­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edil­me­gi bi­ziň ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

 Bu köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan bel­li myh­man­lar gat­naş­ýar­lar. Ola­ryň ara­syn­da Rus­si­ýa­nyň We­lo­si­ped spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, üç ge­zek Olim­pi­ýa çem­pio­ny Wýa­çes­law Ýe­ki­mow, dün­ýä­niň çem­pio­ny Ser­geý Ni­ki­ten­ko, “ARE­TI” hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň pre­zi­den­ti I.Ma­ka­row we beý­le­ki bel­li tür­gen­ler hem-de we­lo­si­ped spor­tu­ny sö­ýü­ji­ler bar.

Mil­li Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ry Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk we mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe ba­dal­ga ber­ýär we ag­zy­bir­lik bi­len he­re­ke­te baş­lan we­lo­si­ped­çi­ler ha­ta­ry­nyň öňü­ni çek­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Kö­pet­dag şa­ýo­ly bo­ýun­ça 8 müň 500 metr ýo­ly ge­çip, Sag­lyk ýo­lu­nyň gu­tar­ýan ýe­rin­de pel­le­ha­na gel­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­naş­ýan­lar bi­len hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dynç gü­nün­de sport maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ada­ty­na eýe­rip, paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän Sport ulag mer­ke­zi­ne ta­rap ug­ra­dy.

Beý­le­ki we­lo­si­ped­çi­ler bol­sa Aş­ga­ba­dyň kö­çe­le­ri bo­ýun­ça he­re­ke­ti do­wam et­di­ler, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň umu­my uzyn­ly­gy 30 ki­lo­met­re deň bol­dy.

Bu baý­ra­m di­ňe bir paý­tag­ty­myz­da däl-de, äh­li we­la­ýat­lar­da ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra we­lo­si­ped gü­ni dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da bel­le­nil­di, ol ýer­ler­de 3-nji iýun­da sport we dynç alyş çä­re­le­ri gu­ral­dy. Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky Il­çi­ha­na­la­ry we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri­ni gu­ra­dy­lar. Şeý­le köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş­ler türk­men we da­şa­ry ýurt dip­lo­mat­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik, sport gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, ýaş­la­ryň, şol san­da da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ýur­du­my­zyň ta­lyp­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Şweýsariýanyň, Saud Arabystanyň, Rumyniýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Belarus Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Ukrainanyň we beý­le­ki döw­let­le­riň paý­tagt­la­ryn­da ge­çi­ril­di.