icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 iýun 2018

908

Brýusselde türkmen-belgiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Belgiýa patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Belgiýa tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aksel Kenes ýolbaşçylyk etdi.   

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekde olary berkitmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.  Gepleşikleriň ýene bir mazmuny ol hem amala aşyrylmagy meýilleşdirilýan ýokary derejedäki saparyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

         Bilelikdäki hereketleriň täze gurallaryny döretmek arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygy bellenilip geçildi. Taraplar sebitleýin hyzmatdaşlygyň, şol sanda energetika, ynsanperwer ugry we howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, daşary syýasy edaralaryň ugry boýunça geňeşmeleri ulgamlaýyn esasda ýola goýmak arkaly hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Diplomatik gepleşikler arkaly global meseleleri çözmekde täze usullary görmekligiň umumylygyny belläp, türkmen tarapy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde wajyp orun eýeleýän Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar terrorçylyk, ekstremizm, we neşeleriň bikanun dolanşygy ýaly halkara wehimlerine garşy göreşmek üçin parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny jebisleşdirmek baradaky tekliplerini aýdyp geçdiler. 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi