icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 iýun 2018

1007

Türkmenistan we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy geljekgi hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary üçin Sebitleýin edarasynyň direktorynyň orunbasary Rastislaw Wrbenski bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2018-nji ýylyň 20-21-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň netijelerini maslahatlaşmak bilen, türkmen tarapy BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalary, edaralary we institutlary bilen meseleleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny geljekde berkitmek meýlini aýan etdi.

Taraplar durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) milli derejede girizmek we ýerine ýetirmek meselesine aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň häzirki döwürde milli maksatnamalar hem-de durmuş-ykdysady we ynsanperwer ösüşiniň meýilnamalary düzülende durnukly ösüş maksatlarynyň esasy görkezijilerini şol ýerde ulanylýandygyny nygtap, bu işi ulgamlaýyn esasda alyp barýandygy belenildi.

Şu çarçuwada taraplar 2019-njy ýylda geçiriljek Ýokary derejeli syýasy forumynda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň gün tertibiniň Türkmenistanda durmuşa geçirilmeginiň gidişiniň meýletin milli synyny amala aşyrmagyň meselelerine garadylar.

Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde suw meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyň çäginde, türkmen tarapy Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäginde Türkmenistanyň amala aşyrýan işleri bilen tanyşdyrdy. Pursatdan peýdalanyp, türkmen tarapy BMG-niň ÖM-niň ýolbaşçysyna Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň samitine gatnaşmak üçin çakylygyny beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi