icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

23 noýabr 2016

1429

Rigada nobatdaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň maslahaty geçirildi

2016-njy ýylyň 21-22-nji noýabrynda Rigada iki döwletiň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysady, senagat, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň 3-nji maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda taraplar 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen toparyň ikinji maslahatynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny seljerdiler.

Maslahatda taraplara iki döwletiň ykdysady kuwwaty baradaky maglumat hödürlendi. Şeýle hem, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdyşlagyň giň gerimi, şol sanda hem, gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we kommunikasiýa, oba-hojalygy, saglygy goraýyş we ylym pudagy boýunça hyzmatdaşlyk barada ara alyp maslahatlaşdylar.  Taraplar iki döwletiň söwda-senagat edarasy we telekeçilik toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada öz pikirlerini beýan etdiler.

Maslahatyň ahyrynda ykdysady, senagat, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň jemleýji Teswirnamasyna gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi