Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen žurnalistleriniň sowallaryna jogap berdi

2018-nji ýylyň 11-nji iýulynda Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etdi.

Milli Liderimiz ir säher bilen öňde boljak ralliniň geçjek ugrunyň jemleýji böleginiň başlanýan ýerine geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Milli Liderimiz olar bilen salamlaşyp, öňde boljak ýaryşlaryň halkara ähmiýetini belledi. “Amul-Hazar 2018” awtorallisi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm, taryhy waka bolmak bilen, dünýä giňişliginde ata Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ralliniň ugurlary şekillendirilen kartanyň kömegi bilen ýoluň aýratynlyklary we has çylşyrymly bölekleri barada gürrüň berdi, sebitleriň her birinde ýaryşyň tapgyrlarynyň tebigy özboluşlylygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Birinji sowal halkara awtorallisiniň ähmiýeti we onuň milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda geçirilýän, halkymyzyň buýsanýan sport syýasaty bilen özara baglanyşygy hakynda boldy.

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz geljekde hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanarys. Biziň sport babatda gazanýan üstünliklerimiz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrýar. Biz munuň şaýatlary bolup durýarys. Türkmenler dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli halkdyr, munuň şeýledigini ähli yklymlarda bilýärler. Geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede geçirildi, ony gerimi boýunça Olimpiýa oýunlary bilen deňeşdirmek bolar. “Aziada-2017” tutuş dünýäde uly seslenme döretdi. Biziň sagdyn neslimiz - biziň geljegimiz diýip hasaplaýaryn, hut şolar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Awtoralliniň ýoly, şol sanda Garagumuň altynsow çägeli giňişliginden geçýän ýol hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu ýoldan geçmegi baradaky sowala jogap bermek bilen, milli Liderimiz onuň özi üçin täze ýol bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hem-de hem teoretik, hem praktik diýlişi ýaly, ýoly geçmek üçin oňaýly çözgütleri tapmak üçin ony ilki jikme-jik öwrenýär. Döwlet Baştutanymyz kartanyň kömegi bilen ýoluň bu tapgyrynyň tebigy aýratynlyklardan gelip çykýan çylşyrymlylyklaryny düşündirdi. Ýol Hazaryň kenaryndan geçýär hem-de birnäçe çylşyrymly öwrümlere eýe bolup durýar, şolaryň biri pellehana golaý ýerde ýerleşýär. Munuň üçin bir tekeriň deňziň içinde, bir tekeriň bolsa çölüň içinde bolmaly bolýar. 18 kilometr menzili geçmeli. Mahlasy, ähli zat diňe ýolda aýdyň bolar.

Indiki sowal bu ýerde tanyşdyrylan täze awtoulagyň häsiýetnamalary hakynda boldy. Şunda bellenilişi ýaly, türkmenistanlylar milli Liderimiziň ýaryş awtoulaglaryna ussatlyk bilen erk edişine haýran galýarlar we ondan görelde alýarlar, munuň şeýledigine habar beriş serişdeleriniň redaksiýalaryna gelip gowuşýan telefon jaňlary we hatlar şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp zady ilki bilen okap, öwrenýändigini, şondan soň netije çykarýandygyny ýene bir gezek belledi. Bu Germaniýanyň ulagydyr. Bu kysmy ulag “Dakar” rallisine gatnaşyp, iki-üç gezek birinji orny alan ulag.

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ulagyny ýasamak pikiri baradaky sowala jogap bermek bilen, ony çägede synap göreninde düzetmeli bolan käbir tehniki meseleleriň bardygyny aýtdy.

Birinjiden-ä, hereketlendiriji biziň howamyzda berk gyzýar, diýmek, sowadyjy ulgamy kämilleşdirmek gerek, ol motory gyzmakdan gorar. Ikinjiden, çägede batmaz ýaly, ýene-de bir zat oýlap tapmaly. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ulagyň tehniki talaplaryny nazara almak bilen, eminler ol heniz ýaryş ýoluna çykmaga taýýar däl diýip hasapladylar. Ýöne ol aňyrsy bir - bir ýarym aýdan çykar. Sebäbi ulagyň mümkinçilikleri örän gowy. Çünki biziň çägelerimizi okgunly böwsüp geçmäge ukyply ýokary tizlikli awtoulagyň täze gurluşynyň ilkinji çyzgylaryny çyzmak bilen, ähli möhüm ölçegler - ýerleriň çylşyrymlylygy, ýoluň ugry we beýlekiler hasaba alyndy. Ähli arifmetiki we geometriki hasaplamalar we tehniki işler geçirilenden soň, çölüň ýollaryna uýgunlaşan awtoulag emele geldi.

Žurnalistleriň indiki sowaly milli Liderimiziň işjeň häsiýetli dynç almagy bilen bagly boldy. Ine, häzir hem zähmet rugsadynda bolýandygyna garamazdan, hormatly Prezidentimiz öz boş wagtyny döwlet işleri bilen utgaşdyryp, ähli wagtyny halkymyz, sport, ýaşlar, ýurdumyzyň geljegi hakynda aladalara bagyşlaýar. Türkmenistanlylar “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň täsirini her gün we her sagatda duýup, ata Watanymyzyň ýyl ýazgysyna täze sahypalary ýazýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, adam elmydama hereketde bolmaly, dynç hem almaly, iş bilen hem meşgul bolmaly, şonda durmuşyň gyzygy bolar. Türkmene paýhaslylyk, parasatlylyk, zähmetsöýerlik mahsusdyr. “Ir turan işinden dynar” diýen nakyl hem ýöne ýerden dörän däldir. Adam ýaşlygyndan zähmete uýsa, şonda durmuşyň gadyr-gymmatyny biler. Mysal üçin, biz çagakak oba gidip, ir bilen elimize pil alyp, ýer depmegi gowy görýärdik, şonuň üçin zähmeti dynç almak bilen utgaşdyrmak uly bagtdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

 Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň nobatdaky sowalynda “Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň halkara ähmiýeti gozgaldy, bu ýaryşdan öň, 2009-njy ýylda Kazan-Aşgabat awtomobil ýaryşy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, bu sport wakalarynyň yzygiderliligi barada sowal berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak ralliniň beýleki halkara ýaryşlaryndan, şol sanda Dakar tapgyryndan tapawudy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň, ilki bilen, “Açyk gapylar” syýasatyna hem-de ekologiýa ugruna ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasy, şol sanda ony senagatlaşdyrmak meýilnamalary hut şonuň bilen gös-göni bagly bolup durýar. Sintetiki benzini - ekologiýanyň nukdaýnazaryndan örän arassa ýangyjy çykarýan täze zawody gurmagyň taslamasy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksadyny gazanmaga gönükdirilendir.

 Häzir elektronika hem uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçin elektromobilleriň gurakçylyk şertlerinde, aýratyn-da, Türkmenistanyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, özlerini alyp barşyny synamak üçin wagt gerek bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, degişli ylmy-tehnologik barlaglary geçirmegiň zerurdygy barada ençeme gezek aýdyldy, şolaryň netijelerini biz ýurdumyzyň şertlerinde iş ýüzünde ulanyp bilerdik. Hormatly Prezidentimiz geljegiň ekologiýa gös-göni baglydygyny nygtap, “Amul-Hazar 2018” rallisiniň hut şu nukdaýnazardan geçirilmeginiň ekologiýa ýagdaýynyň hemme çäreler, şol sanda awtomobil sporty boýunça halkara ýaryşlary bilen hem möhüm arabaglanyşygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Umuman, öňde boljak ýaryşlaryň eko-ralli-reýd diýlip atlandyrylmagy munuň şeýledigini tassyklaýar.

Munuň özi milli Liderimiziň Garagumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky öňe süren başlangyçlary bilen baglylykda hem möhüm bolup durýar.

 Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa abadançylygy hem-de Hazaryň biosferasyny gowulandyrmak baradaky mesele hem ähmiýetli bolup durýar. Bu mesele 12-nji awgustda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylar. Biziň rallimiziň hut Hazar deňziniň kenarynda tamamlanýandygyny hem bellemek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.