icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

24 noýabr 2016

1060

Awstriýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2016-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (ýaşaýan ýeri Astana şäheri) täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller bilen duşuşyk geçirildi.

Ilçi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşuranyndan soň geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçiliklerini we ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu jähtden taraplar ýokary derejedäki saparlaryň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler. Syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ilkinjileriniň hatarynda BMG, ÝB, ÝHHG ýaly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk baradaky meselelere üns berildi.

 Şeýle hem duşuşygyň çaklerinde taraplar ylym we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň dürli mümkinçilikleri hakynda maslahatlaşdylar. Şu meselede taraplar bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar medeni gatnaşyklaryň ýokary derejesi hakynda gürrüň edip Awstriýa-Türkmen dostluk jemgyýetiniň wajyp ornuny belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi