icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 iýul 2018

824

Wengriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent ş.) Peter Santo bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky ynamly we özara bähbitli gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar yzygiderli esasda geçirilýän işjeň we köpderejeli syýasy gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler. Şunlukda ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti barada aýdyldy, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli halkara guramalaryň çarçuwasynda iki ýurduň halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklaryny kanagatlanma bilen bildirdiler.

Soňra taraplar geljekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alşyp, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleler boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdylar hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-wenger Hökümetara toparynyň çäginde söwda-ykdysady gatnaşyklary we özara maýa goýumlary işjeňleşdirmek meselelerine gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ýola goýlan gepleşikleri dowam etmegiň ähmiýetini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi