“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. 

Žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly - täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyndaky eden çykyşy bilen başlanýar. Şeýle hem žurnalda 2018-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri – 2-nji maýda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere bagyşlanan makala ýerleşdirildi.

Žurnalda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran döwlet saparyna aýratyn orun berlipdir. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary we ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklaryna we gepleşiklerine syn berilýär.

Žurnalyň sahypalarynda okyjylar BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde kabul edilen «Bütindünýä welosiped güni» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly kararnamalary bilen tanşyp bilerler.

Okyjylaryň dykgatyna halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň interwýulary, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýolbaşçylyk etmegine we ýakynda Gazagystanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi.

 Bulardan başga-da, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna, şeýle hem ýurdumyzda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine  bagyşlanan makalalar taýýarlanyldy.

“Diplomatik durmuşyň hronikasy” diýen rubrikada paýtagtymyzda we daşary ýurtlarda geçirilen dürli derejedäki duşuşyklar we gepleşikler, hökümetara toparlaryň maslahatlary, daşary işler edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeler, halkara duşuşyklar we maslahatlar bilen bagly möhüm wakalar yzygiderli beýan edilipdir.

Žurnalyň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi onuň daşary ýurtlardaky giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolmagyny üpjün edýär.