icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 awgust 2018

925

Türkmenistan we Ysraýyl Döwleti Aşgabatda syýasy geňeşmeleri geçirdiler

2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben-Swi baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy, sebitleýin we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Taraplar özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny belläp, iki tarapa hem peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, esasan hem innowasiýa, nou-hau we tehnologiýalar babatynda pikirler alyşdylar.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine we birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak baradaky meselelere garadylar.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň geografiki ýerleşişini hem-de ýurduň tebigy baýlyklaryndan ugur alyp, taraplar nebitgaz pudagyna we oba hojalyk senagatyna aýratyn üns berdiler.

Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25- ýyllygynyň golaýlaşýandygyny ýatlap, bu sene bilen bagly ýörite çareleri gurnamak we geçirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi