icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 awgust 2018

756

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine iş saparynda boldy

2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň möhüm ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

2017-2019-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli Hökümetara maksatnamasy ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Özboluşly “ýol kartasyna” öwrülen üç ýyllyk döwür bu ulgamdaky türkmen-rus gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny, şol sanda söwda, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy we beýleki pudaklary öz içine alýar.

Duşuşygyň çäklerinde, Prezidentler döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, netijeli bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ynam bildirdiler.

Ýurt Baştutanlar geçirilen netijeli gepleşikleriň jemini jemläp, şu günki duşuşygyň we gazanylan ylalaşyklaryň gadymy dostluk däplerine, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de möhüm hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi